«Medeni-miras» gepleşigi.
Her bir halkyň baý taryhyny şol halkyň zehinli adamlary ýazýar. Halkymyzyň şöhratly taryhyny baý medeni-mirasyny maddy hem-de ruhy gymmatlyklarymyzy aýawly saklamaga ony geljek nesillerimize ýetirmekde uly işler amal edilýär. Şol gymmatlyklarymyzy halkymyza ýetirmekde, dünýä ýaýmakda mukaddes ojaklar bolan muzeýleriň tutýan ornuny aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Miras teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde «Medeni-miras» atly gepleşik geçirildi. Gepleşigi alyp baran Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby «Miras» teleýaýlymynyň alyp baryjysy Aýnabat Mämmetorazowa. Täsirli geçen gepleşigiň dowamynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Ylmy-barlag bölümüniň uly ylmy işgäri Güljeren Guljaýewa şeýle-de Mahabatlandyryş we neşir edijilik bölümüniň baş hünärmeni Aýgül Bekmiýewa çykyş etdiler. Öňdebaryjy zenanlarymyz bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza zenan ýüreklerinde çykýan alkyşlaryny beýan edýärler.