Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri ussat suratkeş Nikolaý Çerwýakowyň 100 ýyllygyna
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistanyň halk Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan uly ähmiýetli syýasatlary netijesinde günsaýyn ösýär. Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde ýurdumyzyň şekillendiriş sungatynynda özboluşly döredijilik ýoly bilen baýlaşdyran suratkeş Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Nikolaý Çerwýakowyň 100 ýyllygy mynasybetli döredijilik sergisi gurnaldy. Suratkeşiň eserleriniň aýdyň, ýagty we baý reňk öwüşgünleri häzirki güne çenli tomaşaçylary özüne çekýär. Häzirki günde şekillendiriş sungaty nusgawy şahsyýetleriň döreden ajaýyp eserleri bilen has-da beýik derejelere ýetdi. Sergide Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sungat öwreniş kafedrasynyň mugallymy Jeren Baltaýewa çykyş edip, şekillendiriş sungatynda, şol sanda döredijilik sergileriň gurnamaklykda muzeýiň hünärmenleriniň aýratyn zähmeti ulydygyny aýtdy. Sergä gatnaşan myhmanlar şular ýaly sergä gatnaşmaga, öwrenmäge, döretmäge döredip beren giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, umumyadamzat ähmiýetli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.