«Baky Bitaraplyk bagtyň nyşany, Hakyda göwheri – Halkyň serpaýy» atly maslahat
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyz hemişelik Bitarap ata watanymyz sebitde dost-doganlygyň, agzybirligiň, ynsanperwerligiň ýurdy hökmünde uly abraýa eýe bolýar. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Awtoulaglar we ýol hojalyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň gurnamagynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Halkara Bitaraplyk güni» hem-de Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan kemala gelen täze eseriniň çapdan çykmagy mynasybetli, «Baky Bitaraplyk bagtyň nyşany, Hakyda göwheri – Halkyň serpaýy» atly maslahaty geçirildi. Ýurdumyz özüniň baý taryhy mirasyna we milli ýörelgelerine daýanmak bilen, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna, bütin adamzat üçin parahatçylygyň we durnukly ösüşiň binýadyny berkitmäge mynasyp goşant goşýar.