Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyz ösüşlere beslenýär. 2023-nji ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramasynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymuly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşiniň gurnamagynda “Türkmen halkynyň Milli Lideri – bagtyýar ýaşlaryň beýik nusgalyk mekdebi” atly maslahat duşuşygy geçirildi. Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasynda saklanýan eserlerinden düzülen göçme sergisini gurnady. Sergide halypa ussat suratkeşler Ý.P.Grişiniň “Güller”, G.Nurlyýewiň “Änew metjidiniň toplumy. XVII asyr”, A.Ataýewiň “Gopuzçy gyz”, G.Ýarmämmedowyň “Pagtaçy gyz”, M.Seýitmyradowyň “Ýokary galyjylar”, A.Taganowyň “Köneürgenç”, J.Jumadurdyýew “Iki käseli küýze” atly başga-da birnäçe ajaýyp eserler sergilendi. Dabara gatnaşan myhmanlar türkmen halkynyň Milli Liderine, Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, ýurdumyzyň ösdürmegiň, türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan döwlet hem-de jemgyýetçilik işlerinde güýç-gaýrat hem täze üstünlikleri arzuw etdiler.