Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde beýik ösüşlere eýe bolan eziz Diýarymyzda gazanylýan üstünlikler, beýik ösüşler toýlarymyzyň dabarasyny has-da belende göterýär. Şeýle şanly pursatlarda Aşgabat şäheriniň söwda koperatiw mekdebinde 18-nji fewralda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly mynasybetli “Ýaşlaryň waspy şekillendiriş sungatynda” atly dabara geçirldi. Dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gymmatlyklaryndan düzülen göçme sergi gurnaldy. Sergide halypa, ussat suratkeşleriň nakgaş, heýkel, keramika sungaty eserlerinden Türkmenistanyň halk suratkeşi Ý.Adamowanyň “Toý wagty”, Türkmenistanyň halk suratkeşi A.Hajyýewiň “Meňli”, G.Tümaýyň “Magtymgulynyň Watanynda”, J.Bekdurdyýewiň “Işden gaýdyp gelmek”, Ý.Grişiniň “Güller”, S.Artykmämmedowyň “Dutarçy”, A.Ataýewiň “Gopuzçy gyz”, A.Taganowyň “Köneürgenç”, M.Ataýewanyň “Hereket” ýaly birnäçe ajaýyp eserler sergide sergilendi. Beýik ösüşlere beslenýän ýurdumyzda eşretli durmuşyň hözürini görmek, halal zähmet çekmek iň belent bagtyýarlykdyr.