Ahalteke bedewleriniň öwşün atýan reňki, syrdamlylygy, seýkin basyp ýöreýşi, ýyndamlygy hem-de çydamlylygy atşynaslaryň we halk seçgiçileriniň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelen sungatynyň miwesidir. Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynda türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli çäreler hem-de behişdi bedewleriň halkara gözellik bäsleşigi giň gerimde geçirilýär. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda muzeý gymmatlyklary görkezilýän giň gerimli sergi gurnaldy. Serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi özüniň nakgaş, heýkel eserlerinden göçme sergi gurnady. Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşleri A.Hajyýewiň, Ý.Baýramowyň, J.Jumadurdyýewiň başga-da birnäçe suratkeşleriň eserleri sergilendi.