Behişdi bedewlerimiz nakgaşçylykda, heýkeltaraşlykda, zergärçilikde we amaly-haşam sungatynda ussatlar ylham çeşmesi bolup durýar. Ahaltake bedewlerini wasp edýän ajaýyp döredijilik sergi Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Dünýä haýran şöhratyňa bedewim!» ady bilen sergilenýär. Serginiň açylyş dabarasyna Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti Gözel Çommyýewa, Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Göwher Saparmyradowa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň uly ylmy işgäri Bahar Mämmedowa gatnaşdylar. Sergide ussat nakgaşçylar Türkmenistanyň halk suratkeşleri Çary Amangeldiýewiň, Kamil Weliahmedowyň we bulardan başgada birnäçe halypa we ýaş suratkeşleriň ajaýyp eserleri sergilendi. Her bir eseri synlanyňda türkmen halkynyň bedew atlaryna goýýan aýratyn hormat-sylagyny duýmak bolar. Şeýle nepislik bilen ýerine ýetirilen sungat eserleri muzeýlermiziň hem-de toý baýramlarymyzyň bezegi bolup durýar.