Halkymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň saýlap alan kärini öwrenip bilim almakda, olaryň ylmy taýdan sowatly, maksada okgunly we ýokary hünärli bolmaklary üçin hem uly mümkinçilikler bar. Ýurdumyzda her bir baýramçylyklar uly şatlyk-şowhun bilen bellenilýär. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem Ylymlar güni mynasybetli «Dünýäniň açary-ylym» atly sergi gurnaldy. Sergide işler boýunça Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Saparmämmet Meredow, Türkmen döwlet binägärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary Aýjemal Alaşaýewa, Gyzylgül Annageldiýewa, Aşgabat şäheriniň 44-nji orta mekdebiniň mugallymy, Halk maslahatynyň agzasy Şirinjemal Ýegelekowa dagylar çykyş etdiler. Sergide halypa suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň, amaly-haşam ussatlaryň döreden nusgawy eserleri görkezilýär. Halypa suratkeşleriň eserlerini synlamaga gelen ýaş nesilde hem Watançylyk ruhuny terbiýelemekde ähmiýeti örän ulydyr. Türkmen halkynyň asuda, parahat asmanyň astynda ýaşamagy üçin, döredilýän giň mümkinçiliklere Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza sergä gelen myhmanlar alkyş sözlerini aýtdylar.