Döredijilik duşuşygy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli ýolbaşçylygynda döredijilik bilen meşgullanmaga giň ýollar açyldy. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýurt baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda «Altyn asyr: Türkmenistan »teleradioýaýlymy bilen taýýarlanylýan «Bagtyýarlyk ylhamy» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygyny alyp baran «Ýaşlyk»teleradioýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjy we taýýarlaýjysy Oguljemal Hoşgeldiýewa döredijilik duşuşygyna Türkmenistanyň halk ýazyjysy«Garagum žurnalynyň bölüm redaktory Orazguly Annaýew «Biznes reklama» gazetiniň baş redaktory Seýitmyrat Geldiýew, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň kafedra müdiri Aman Şyhnepesow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Humaý Ataýewa, Türkmenistanyň Döwlet Gümrük gullugynyň Umumy bölüminiň uly gözegçisi, Magtymguly adyndaky ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy, Türkmenistanyň Ýaşlarynyň arasynda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijisi, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Kerim Baýgeldiýew, Aşgabat Energetika orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy, ýaş şahyr Akgül Baýlyýewa gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimize döwletli alyp barýan döwletli işlerinde üstünlikler arzuw edýärler.
Ozalky sahypa Indiki sahypa