Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Halypa-şägirtlik ýoly” atly döredijilik duşuşygy geçirildi we halypa suratkeşleriniň eserlerinden sergi gurnaldy. Döredijilik duşuşygy “Miras” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi. Duşuşugy Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademik drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň at gazanan artisti Batyr Çaryýew alyp bardy, teleýazga Türkmenistanyň halk ýazyjysy Orazguly Annaýew, Türkmenistanyň at gaznan žurnalisti Täzegül Nurmämmedowa, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Nurjahan Saparowa, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hünärmeni Söýün Sähetgylyjow hem-de Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Gepleşikde milli mirasymyzyň, taryhy şahsyýetlerimiziň, däp-dessurlarymyzyň, halypa-şägirtlik ýolunyň ösdürilşi dogrusynda gürrüňdeşlik geçildi.