„Reňklere siňen gözellik“ atly çeperçilik bäsleşigi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda milli şekillendiriş sungatynda hem uly ösüşler gazanylýar.
Ýurdumyzda Şekillendiriş sungatynyň dürli ugurlary boýunça sergiler gurnalyp halkymyza, daşary ýurtly myhmanlara yzygiderli görkezilip durulýar. 2024-nji ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýurdumyzyň ýörite çeperçilik we sungat orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň hem-de çagalar çeperçilik we sungat mekdeplerinde bilim alýan okuwçylaryň arasynda „Reňklere siňen gözellik“ atly çeperçilik bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşigiň ýeňjilerine Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan diplomlar we höweslendirji sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşan ýaş suratkeşler halypa şägirtlik ýoluna giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen sungatynyň Hak Howandary Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza juwan ýüreklerinden çykýan alkyşlaryny aýydýarlar.
Ozalky sahypa Indiki sahypa