Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky

ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATY MUZEÝI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge, köp öwüşgünli ruhy dünýämizi döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY


Muzeýler we muzeý işi hakynda


Şu Kanun muzeýler we muzeý işi babatda döwlet syýasatynyň esasy ýörelgelerini kesgitleýär, Türkmenistanda muzeýleriň döredilişini we işleýşini, muzeýleriň işi bilen baglanyşykly ýüze çykýan hukuk we başga gatnaşyklary düzgünleşdirýär, şeýle hem muzeýe gelýän adamlaryň hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýär.

Gündogar halklarynyň sungatyna degişli muzeý toplumynda ýerleşen Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Hindistanyñ, Eýranyň we Türkiýäniň eserlerini görmek bolýar.
Muzeý ýygyndysynyň rus sungatyna degişli eserleriniň iň irkileri XVII asyryň ahyrlarynda döredilen eserlerdir. Pýotr I rus jemgyýetiniň başyny başlan hem rus sungatyna özüniň uly täsirini ýetiripdir.
Muzeýiň ýygyndysynda Günbatar Ýewropa sungatyna degişli Italiýa, Fransiýa, Gollandiýa, Angliýa, Ispaniýa we Germaniýa ussatlaryň XIV-XIX asyrlardaky nakgaş, heýkeltaraşlyk eserleri, farfor önümleri ýerleşdirilendir.

TÄZELIKLER