TÜRKMENISTANYŇ KANUNY


Muzeýler we muzeý işi hakynda


Şu Kanun muzeýler we muzeý işi babatda döwlet syýasatynyň esasy ýörelgelerini kesgitleýär, Türkmenistanda muzeýleriň döredilişini we işleýşini, muzeýleriň işi bilen baglanyşykly ýüze çykýan hukuk we başga gatnaşyklary düzgünleşdirýär, şeýle hem muzeýe gelýän adamlaryň hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýär.

Gündogar halklarynyň sungatyna degişli muzeý toplumynda ýerleşen Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Hindistanyñ, Eýranyň we Türkiýäniň eserlerini görmek bolýar.
Muzeý ýygyndysynyň rus sungatyna degişli eserleriniň iň irkileri XVII asyryň ahyrlarynda döredilen eserlerdir. Pýotr I rus jemgyýetiniň başyny başlan hem rus sungatyna özüniň uly täsirini ýetiripdir.
Muzeýiň ýygyndysynda Günbatar Ýewropa sungatyna degişli Italiýa, Fransiýa, Gollandiýa, Angliýa, Ispaniýa we Germaniýa ussatlaryň XIV-XIX asyrlardaky nakgaş, heýkeltaraşlyk eserleri, farfor önümleri ýerleşdirilendir.
50-nji ýyllarda zehinli nakgaşlar A.Hajyýew, A.Kuliýew, N.Dowodow, Ý.Annanurow, Ý.Adamowa, A.Amangeldiýew we beýlekiler işjeň döredijilik bilen meşgul bolan suratkeşlerdir.
Muzeýiň Garaşsyzlyk bölüminde Garaşsyzlyk zamanasynda türkmen suratkeşleriniň döreden eserleri hem-de biziň halypa suratkeşlerimiziň döreden eserlerinden Garaşsyzlygymyzy arzuw eden nusgawy şahyrlarymyzyň keşpleri bilen jemlenýär.
Halkyň amaly-haşam sungaty estetikanyň we tejribäniň, sungatyň we durmuşyň birleşigidir.
XX asyryň 30-njy ýyllarynda türkmen şekillendiriş sungaty täze many-mazmuna eýe bolýar, suratkeşleriň döredijilik işjeňligi, ussatlygy artýar.