Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Ak şäherim Aşgabat» atly XXII köpugurly halkara sergi geçirildi. Serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi gaznasyndaky gymmatlyklardan düzülen göçme sergi gurnady.
Aşgabat şäheri döwletleriň arasynda festiwallaryň we sergileriň üsti bilen medeniýetini we sungatyny öwrenmek, geçirilýän forumlarynyň, sport çäreleriň we bäsleşikleriň üsti bilen Aşgabat şäherini dünýä tanady. Ak şäherimiz Aşgabadyň ajaýyp ymaratlarynyň we binalarynyň 2013-nji ýylda Ginnesiň rekordlar kitabynda girizilmegi we dünýäniň iň beýik ak şäheri diýip yglan edilmegi ýurdumyzyň abraýyny has-da artdyrdy.
Diýarymyzda bu gün daşary ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklary has-da berkeýär. Dürli ýurtlaryň medeniýetini we sungatyny öwrenmek we synlamak, daşary ýurtly sungat ussatlarynyň döredijiligini synlamak üçin Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz uly işleri amala aşyrýarlar.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Ilkinji Zenanlar gurmasy Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Gül bezelen halym» atly tegelek stol ýazgysy geçirildi. Geplşik “Miras” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilip, şol teleýaýlymyň alyp baryjysy Aýna Geldimyradowa alyp bardy.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmen keşdeçilik sungatynyň ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleriniň hem-de Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbiniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Parla sen ýaşyl baýdagym!» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahat «Miras» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilip, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiň direktorynyň ylmy işler boýunça orunbasary K.Öwezberdiýewa, maslahaty alyp bardy.
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebinde muzeý gymmatlyklaryndan göçme sergi gurnady.
Toýly diýarymyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ähli künjeklerinde taýýarlyklar görülýär. Baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde «Belentde parlasyn, şöhratly tugum!» atly ajaýyp sergi gurnaldy.
Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň gurnamagynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Italiýanyň özboluşly tebigatyny, gözel ýerlerini, italýan halkynyň medeniýetini we sungatyny beýan edýän «Alinary doganlary we häzirkizaman fotosuratlarynyň ussatlary» atly fotosergi gurnaldy.
Beýik Ýeňşiň 78 ýyllyk baýramy mynasybetli «Belent hormatyň eýeleri» atly sergi gurnaldy. Sergide halypa suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň we amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň döretmeginde Beýik Watançylyk urşunyň sahnalary, uruş weteranlarynyň portretleri we ýeňiş baýramyny toýlaýan halkyň şadyýan pursatlaryny synlamak bolýar.