Çawy ýedi yklyma dolan Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň biri-birinden zyýada gelýän her bir güni toýdyr-baýramlara beslenip, türkmen halkynyň şöhratlary taryhynyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýar.
2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Italiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Federiko Faillanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen möhüm duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyga Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň prorektorlary gatnaşdylar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda türkmen taryhynda öçmejek yz galdyran şahyrlary, ýazyjylary öwrenmeklige uly üns berilýär.
Ýurdumyzda ýaşlaryň beden taýdan berk, ruhy taýdan ösen, edepli-terbiýeli bolup ýetişmeklerini gazanmak, şeýle-de ösüp gelýän ýaş nesilleriň sungat äleminde zehinli bolup ýetişmekleri ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär.
Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragynyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan dürdäne eserleri bu gün watansöýerligiň, agzybirligiň, ynsanperwerligiň belent nusgasy bolup, dünýä halklarynyň hakydasynda müdimi orun aldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda gözel ülkämiz medeniýetiň we sungatyň, milli mirasyň, däp-dessurlaryň ösýän, özgerýän ýurduna öwrüldi.
Türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň şaýady bolan gadymy medeni ýadygärlikleri aýawly saklamak, olary düýpli öwrenmek hem-de abat ýagdaýda nesilleri ýetirmek boýunça Garaşsyz Türkmenistanda döwlet derejesinde yzygiderli işler alnyp barylýar. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda taryhy ýadygärlikleri gorap saklamagyň, ylmy esasda öwrenmegiň we rejelemegiň düýpli hukuk binýady döredildi. Arheologiki ekspedisiýa türkmen hünärmenleri bilen bilelikde daşary ýurtlaryň tanymal ylmy merkezleriniň alymlary-da işjeň gatnaşýarlar.
2024-nji ýylyň noýabr aýynyň 16-na Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasynyň «Türkmeniň ak öýi binasynda» Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy hem-de Türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.