Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly mynasybetli Aşgabat şäherindäki Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebinde göçme sergi gurnady.
Behişdi bedewlerimiz nakgaşçylykda, heýkeltaraşlykda, zergärçilikde we amaly-haşam sungatynda ussatlar ylham çeşmesi bolup durýar. Ahaltake bedewlerini wasp edýän ajaýyp döredijilik sergi Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Dünýä haýran şöhratyňa bedewim!» ady bilen sergilenýär.
Aşgabat atçylyk sport toplumynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynyň ýazky at çapyşyk möwsümine dabaraly badalga berildi. Dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi gaznasyndaky gymmatlyklaryndan göçme sergi gurnady.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkezi bilelikde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Ganatly bedewlerimiz-milli buýsanjymyz» atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde suratkeşleriň döredijilik sergileri, ýurdumyzyň toý-dabaralaryna bagyşlanan sergiler yzygiderli gurnalýar. Bu gün ussat halypa Türkmenistanyň halk suratkeşi Annageldi Kuliýewiň döredijilik sergisi gurnaldy.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi aprel aýynyň 17-ne S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly mynasybetli, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň waspy şekillendiriş sungatynda» atly muzeý gymmatlyklaryndan düzülen göçme sergi gurnady.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi Türkmen döwlet maliýe instituty bilen bilelikde «Bedew at – halkyň myrady» atly duşuşyk maslahatyny gurnady. Maslahata institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Türkmen döwlet maliýe institutynyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli muzeý ekspozisiýasynda gezelenç etdiler.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bilelikde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp kitap sergisi gurnaldy.