Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty ussat suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, grafiklaryň, amaly-haşam ussatlarynyň döredijiligi bilen ösüşlere beslenýär. Şol ussat halypalaryň döreden nusgawy eserlerini Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde sergi gurnap, halka ýetirilýär.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Ilkinji Zenanlar guramasy bilen bilelikde Keşdeçilik sungaty, milli egin-eşikleri we häzirki zaman biçüw lybaslaryndan düzülen sergi hem-de tele ýazgy geçirildi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Türkmenistanyň medeniýet Ministrligi, bilen Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi bilelikde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Magtymgulynyň çeper keşbi şekillendiriş sungatynda” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatda Ismail Orazow - Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory. “Şekillendiriş sungatynda Magtymgulynyň watançylyk temasy.”
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Arkadag şäheri – geljegiň şäheri» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.Täze neşiriň tanyşdyrylyş dabarasyna medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Häzirki günde Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan halypa-şägirtlik ýolyna eýerip dürli sergilerde we bäsleşiklerde halypa suratkeşler öz şägirtleri bilen bilelikde sergilere gatnaşýarlar. Şeýle çäreleriň biri hem Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde TÜRKSOÝ halkara guramasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Türki döwletleriň foto sergisiniň we çagalaryň surat bäsleşigine gatnaşan çagalaryň çeken eserlerinden ybarat bolan sergidir. Sergide foto, nakgaş suratkeşleriň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň dürli çeperçilik mekdeplerinde okaýan ýaş zehinli suratkeşlerimiziň çeken suratlary görkezilen.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň medeniýete, sungata goýýan çäksiz sarpasy netijesinde, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalarynyň, ýurdumyzyň belli suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň, külalçylarynyň häzirki zaman eserleriniň hem-de “Döwlet guşy” atly döredijilik bäsleşiginiň jemini jemlemek dabarasy geçirildi. Sergide ýurdumyzyň ussat suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň we külalçylaryň döreden ajaýyp sungat eserleri özüniň mynasyp ornuny tapýar.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni mynasybetli Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasyndaky medeniýetde we sungatda öçmejek yz goýan ussat, halypalaryň portret eserlerinden düzülen göçme sergi gurnaldy.