Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky

ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATY MUZEÝI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2024-nji ýylyň Türkmenistanda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" diýlip atlandyrylmagy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Köşgüň giň eýwanynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlap Türkmenistanyň Şekillendiriş muzeýi hem öz gaznasyndaky gymmatlyklardan ajaýyp sergisini gurnady.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýetde, sungatda uly üstünlikler gazanylyp täze-täze sepgitlere ýetildi. Türkmenistanyň dostlukly daşary ýurtlarda we daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalary bilen bilelikde döredijilik duşuşyklar, medeni çäreler we maslahatlar guralýar.
Türkmen döwlet maliýa inistutynda 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" diýlip atlandyrylmagy mynasybetli öçme sergi gurnaldy. Bu göçme sergide halypa suratkeşlerimiziň ussatlyk bilen ýerine ýetiren nakgaş eserleri bilen bir hatarda halypa heýkeltaraşlarymyzyň ýerine ýetiren heýkel eserleri şeýle hem keramika eserleri sergilenýär. Sergimiziň merkezinde Milli saz gurallarymyz hem bu sergä aýratyn öwüşgün berýär.
2024-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Sungatyň yşgynda» atly söhbetdeşlik geçirildi. Türkmenistanyň telewideniýe radio gepleşikleriniň we kinomotografiýa baradaky döwlet komiteniniň «Aşgabat» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi. Ýazgyda «Aşgabat» teleýaýlymynyň alyp baryjysy Öwezowa Ogulşirin şeýle-de Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň esasy hünärmeni Laçyn Tosyýewa gatnaşdy.
Her ýylda däp bolşy ýaly bu ýyly hem Arkadagly Gahryman Serdarymyz „Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy“ diýip yglan etmegi bilen, dürli baýramçylyk çäreler, ylmy-amaly maslahatlar we duşuşyklar geçirilýär. Bu gün hem Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň zenan suratkeşleriň gatnaşmagynda we türkmen zenan suratkeşleriň gatnaşmagynda sergi, ussatlyk sapaklary we „Nakgaşçylyk we onuň jemgyýeti goramakdaky tutýan orny“ atly döredijilik maslahaty geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly Baştutanlygynda medeniýet we sungat ulgamynda gazanylýan üstünlikler barha ýokarlanyp, uly rowaçlyklara eýe bolunýar. Döwletimiziň ýeten derejesini ruhubelent wasp etmekde, halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrmakda, döwrüň medeniýetiniň we sungatynyň aýratynlyklaryny çuňňur öwrenip has-da kämilleşmegini, täze derejelere göterilmegini üpjün etmekde sungat işgärleriniň ajaýyp eserleri döretmekleri üçin Hormatly Prezidentimiz ähli zerur, şertleri, mümkinçilikleri döredip berýär.
Garaşsyz, asuda diýarymyzyň her bir güni uly ösüşlere zähmet üstünliklerine beslenýär. Munuň özi ýurdumuzda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan oňyn syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýän hakykatdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli ýolbaşçylygynda eziz diýarymyzyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Ussat suratkeşleriň we amaly-haşam ussatlarynyň döredijilik eserleri baýramçylyk sergilerini bezeýär.

TÄZELIKLER