Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky

ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATY MUZEÝI

Türkmenistanyň medeniýet Ministrligi, bilen Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi bilelikde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Magtymgulynyň çeper keşbi şekillendiriş sungatynda” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatda Ismail Orazow - Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory. “Şekillendiriş sungatynda Magtymgulynyň watançylyk temasy.”
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Arkadag şäheri – geljegiň şäheri» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.Täze neşiriň tanyşdyrylyş dabarasyna medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Häzirki günde Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan halypa-şägirtlik ýolyna eýerip dürli sergilerde we bäsleşiklerde halypa suratkeşler öz şägirtleri bilen bilelikde sergilere gatnaşýarlar. Şeýle çäreleriň biri hem Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde TÜRKSOÝ halkara guramasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Türki döwletleriň foto sergisiniň we çagalaryň surat bäsleşigine gatnaşan çagalaryň çeken eserlerinden ybarat bolan sergidir. Sergide foto, nakgaş suratkeşleriň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň dürli çeperçilik mekdeplerinde okaýan ýaş zehinli suratkeşlerimiziň çeken suratlary görkezilen.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň medeniýete, sungata goýýan çäksiz sarpasy netijesinde, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalarynyň, ýurdumyzyň belli suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň, külalçylarynyň häzirki zaman eserleriniň hem-de “Döwlet guşy” atly döredijilik bäsleşiginiň jemini jemlemek dabarasy geçirildi. Sergide ýurdumyzyň ussat suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň we külalçylaryň döreden ajaýyp sungat eserleri özüniň mynasyp ornuny tapýar.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni mynasybetli Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasyndaky medeniýetde we sungatda öçmejek yz goýan ussat, halypalaryň portret eserlerinden düzülen göçme sergi gurnaldy.
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bellenilmegi hem halkymyzyň ruhuny arşa göterýär. Häzirki döwürde sungat ussatlary bu baýramçylygy Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna düzülen aýdymdyr-sazlary şeýle-de öz täze eserleri bilen garşylaýarlar.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Teatr we kino sungaty boýunça «Halypa şägirtlik ýoly» atly döredijilik duşuşugy geçirildi. Duşuşyk «Miras» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilip, Türkmenistanyň halk artisti Muhammetguly Kasymow.
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni mynasybetli Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Halkymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň saýlap alan kärini öwrenip bilim almakda, olaryň ylmy taýdan sowatly, maksada okgunly we ýokary hünärli bolmaklary üçin hem uly mümkinçilikler bar. Ýurdumyzda her bir baýramçylyklar uly şatlyk-şowhun bilen bellenilýär.

TÄZELIKLER