Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde gözel Diýarymyzda toýdyr dabaralaryň sany gün-günden artýar. 2023-nji ýyly “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” diýip atlandyrylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde sergi gurnaldy.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy esasynda, eziz Watanymyzda parahatçylyk babatda gazanylýan üstünlikleri barada şeýle-de döwlet derejesindäki milli baýramçylyklarymyz, şanly senelerimiz, türkmen halkyny bir supranyň başyna jemleýär, supra başyna jemlenmek il agzybirligini, jebisligini, ýurt parahatçylygyny dabaralandyrýan, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda Täze ýyl baýramçylygy ýagşy arzuw-niýetlere beslenip garşylanýar.
“Halkyň Arkadagly zamanasy” atlandyrylan şanly ýyla bagyşlap, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde yzygiderli göçme sergileri gurnaýar.
Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli, parasatly syýasaty netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde il-ýurt bähbitli, döwletli işler amala aşyrylýar, bagtyýar halkymyzy toý-baýramly günleriň gujagynda ýaşadýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge, köp öwüşgünli ruhy dünýämizi döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär.