“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ýokary okuw, orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp gyzlaryň arasynda geçirilýän “Talyp gözeli” bäsleşigi Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebinde geçirildi.
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary merkezinde Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen sekiz we ondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere “Ene mähri” diýen hormatly adyň dakylmagy mynasybetli dabara geçirildi.
Halkara zenanlar güni mynasybetli, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde baýramçylyga bagyşlanyp Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi muzeý gymmatlyklaryndan düzülen göçme sergi gurnady.
Bahar paslynyň ilkinji baýramy bolan Halkara zenanlar güni Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dabaralar we baýramçylyk konsertler bilen uludan bellenip geçilýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde mart aýynyň 6-da Halkara zenanlar güni mynasybetli erkin suratkeş zenanlarynyň el işleriniň döredijilik sergisi gurnaldy.
Medeniýet we sungat işgärleri öz döredijiligi bilen bu baýramçylyklara öz goşandyny goşýarlar. Muzeý işgärleri hem öz gezeginde türkmen sungatynyň taryhyna giren nusgawy eserleri sergä çykaryp, geljekki ýaş nesil suratkeşlere sekillendiriş sungatyny synlap özleşdirmekleri üçin mümkinçilik döredýärler.
Türkmenistanyň Medeniýet munistrliginiň garamagyndaky ýörite çeperçilik we sungat orta hünär okuw mekdeplerinde hem-de çagalar çeperçilik we sungat mekdeplerinde bilim alýan okuwçylaryň arasynda “Reňklere siňen gözellik” atly çeperçilik bäsleşigi yglan edildi.
Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Ilkinji zenanlar guramasynyň geçirmeginde «Mähriban eneler» atly wideo rolik bäsleşigi geçirildi.
2023-nji ýylyň 3-nji martynda Türkmen döwlet Maliýa institutynda Halkara zenanlar güni mynasybetli “Eziz Watanymyň ajaýyp barlygy, Bagtyýar zenanlar bagtly zenanlar” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde beýik ösüşlere eýe bolan eziz Diýarymyzda gazanylýan üstünlikler, beýik ösüşler toýlarymyzyň dabarasyny has-da belende göterýär.