Türkmeniň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň döwletli ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň her bir güni taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň sungat eserlerinden amaly-haşam sungatyna degişli göçme sergi gurnaldy.
Türkmenistanyň Şekillendiriş-sungaty muzeýinde awgust aýynyň 14-ne sagat 15:00-da Türkmenistanyň sungatda at gazanan heýkeltaraşy Nurmuhammet Ataýewiň 80-ýyllygy we Türkmenistanyň halk suratkeşi, nakgaş Ýewgeniýa Adamowanyň 110-ýyllygyna bagyşlanan ýatlama sergileriniň açylyşy.
Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» eziz diýarmyz taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde 2023-nji ýylyň 9-njy-awgustynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi bilen bilelikde “Alaja - ýüpekçilik sungaty” atly sergi hem-de tele ýazgy geçirildi.
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» Türkmen halkymyzyň milliligini gorap saklamak ony geljekki nesillere ýetirmekde döwletli işler durmuşa geçirilýär. Eziz diýarymyzyň her bir güni toýdyr baýramlara beslenýär. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen ''Mähir siňen nepislik'' atly dabaraly maslahatda Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gazna eserlerinden göçme sergisi gurnaldy.
Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» iki halkyň arasyndaky dostluk-doganlyk ýörelgelerinde hem barha öňe gidişlikler gazanylýar. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde 2023-nji ýylyň 3-5-nji awgust aralygynda Polşa Respublikasynyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Ioanna Galeçkanyň döredijilik sergisini synlamak bolýar.
Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Milli mirasyň nesil terbiýesindäki tutýan orny» atly maslahat geçirildi.
Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty ussat suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, grafiklaryň, amaly-haşam ussatlarynyň döredijiligi bilen ösüşlere beslenýär. Şol ussat halypalaryň döreden nusgawy eserlerini Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde sergi gurnap, halka ýetirilýär.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Ilkinji Zenanlar guramasy bilen bilelikde Keşdeçilik sungaty, milli egin-eşikleri we häzirki zaman biçüw lybaslaryndan düzülen sergi hem-de tele ýazgy geçirildi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.