Türkmenistanyň Şekillendiriş-sungaty muzeýinde sentýabr aýynyň 13-ne sagat 11:00-da Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32-ýyllyk baýramçylygy mynasybetli "Garaşsyz Diýarym-Mähriban Watan" atly sergimiziň açylyşy.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň ruhyýet köşgünde geçirilen umumy sapagynyň taryhy syýasy ähmiýetini wagz-nesihat etmek maksady bilen geçirilýän «Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe diňe öňe Jan Watanym Türkmenistan» atly maslahaty geçirildi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bagtyýarlygyny äleme aýan edýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylýan ajaýyp üstünlikler ýetilýän belent sepgitler halkymyzyň göwün guşyny ganatlandyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwlet galamyndan dörän ajaýyp eseleri görüm görelde mekdebidir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyz bedew bady bilen ösüşlere beslenýär. Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty ussat suratkeşleriň döredijiligi bilen uly ösüşlere ýetdi. Türkmen halkymyzyň taryhy wakalaryny, tebigatyny we milliligini dürli reňkleriň üsti bilen ýazylan eserlerde görmek bolýar.
Türkmenistanyň Şekillendiriş-sungaty muzeýinde sentýabr aýynyň 6-syna sagat 15:00-da Erkin suratkeş Gülşat Annamyradowanyň döredijilik sergisiniň açylyşy.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet ähmiýetli işleri netijesinde ýurdumyzda ylym - bilim ulgamynda uly ösüşler gazanylýar.Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde ,,1-nji sentýabr Bilimler we talyp ýaşlar güni'' mynasybetli ,,Bilim üstünligiň açarydyr'' atly sergi gurnaldy.
Arassa asmanyň astynda parahat zeminiň üstünde Garaşsyz döwletimiz bedew bady bilen öňe barýan ýyllarynda Magtymguly Pyragy ýadygärliginde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli göçme sergi gurnaldy.
Pyragynyň arzuwlan Berkarar döwletiniň binýady berkden tutulyp, ýurdumyzyň her güni bagtyýarlyga beslenýär. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki Medeniýet öýünde, 2023-nji ýylyň 24-nji awgustynda dabara geçirildi.
Mähriban Watanymyzyň her bir güni uly ösüşlere taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde, 2023-nji ýylyň 22-nji awgustynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi mynasybetli dabara geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň döwletli ýolbaşçylygynda asuda diýarymyzyň her bir güni taryhy ösüşlere beslenýär. 2023-nji ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Türkmenistan-ÝUNESKO: abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly dabaraly maslahat geçirildi.