Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi aprel aýynyň 17-ne S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly mynasybetli, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň waspy şekillendiriş sungatynda» atly muzeý gymmatlyklaryndan düzülen göçme sergi gurnady.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi Türkmen döwlet maliýe instituty bilen bilelikde «Bedew at – halkyň myrady» atly duşuşyk maslahatyny gurnady. Maslahata institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Türkmen döwlet maliýe institutynyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli muzeý ekspozisiýasynda gezelenç etdiler.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bilelikde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp kitap sergisi gurnaldy.
Saglygyň we ruhubelentligiň Watany hasaplanylýan ýurdumyzda saglyk maksatnamasy esasynda alnyp barylýan işler günsaýyn ýokary belentliklere we rowaçlyklara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň «Ýurdumyzda adamyň saglygy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolup durýar» diýen sözlerinden ugur alyp, ýurdumyzda sagdyn durmuşy berkitmek üçin sportyň ähli görnüşlerini, saglygy goraýyş ulgamlaryny dünýä derejesine çykarylmagyna aýratyn üns berilýär.
Arkadag Serdarly Bagtyýar ýaşlar ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi Aşgabat şäherindäki Demir ýol ulaglary orta hünär mekdebinde «Arkadag Serdarly Bagtyýar ýaşlaryň waspy şekillendiriş sungatynda» atly göçme sergi gurnady.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «El hünäri il gezer» atly amaly-haşam we senetçilik önümleriniň sergisi geçirildi.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «El hünäri il gezer» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatda muzeýiň direktorynyň ylmy işleri boýunça orunbasary Käkilik Öwezberdiýewa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Medeni gymmatlyklary rejeleýiş we muzeý işi» kafedrasynyň müdiri Maral Hojagulyýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň hyzmat ediji bölüminiň kitaphanaçysy Gülbahar Ataýewa, Türkmen döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Amaly-haşam sungaty» bölüminiň, haly mugallymy Jeren Çaryýewa çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Medeni syýasat» atly tegelek stol ýazgysy geçirildi. Gepleşikde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hünärmenleri Söýün Sähetgylyjow, Aýgül Bekmiýewa çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Halypa-şägirtlik ýoly” atly döredijilik duşuşygy geçirildi we halypa suratkeşleriniň eserlerinden sergi gurnaldy.