Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde 2024-nji ýylyň 26-nji sentýabyrynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan “Pähim-paýhas ummany Magtmguly Pyragy ýylynda” muzeý hünärmenleriniň arasynda guralýan “Magtymguly Pyragy we milli miras” atly bäsleşigi geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz uly ösüşlere özgerişlere eýe boldy. Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň mukamlar köşgünde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Ak ýoly arşa göterilýär halkyň ykbaly atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabara biziň Şekillendiriş sungaty muzeýimiz öz göçme sergisini gurnady. Sergide birnäçe halypa we ýaş suratkeşlerimiziň, heýkeltaraşlarmyzyň eserleri dabara gatnaşyjylarmyzy ünsini hasda özüne çekdi.
Bu gün Garaşsyz hemişelik Bitarap ýurdumyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyzlygyň XXXIII ýyllyk şanly baýramçylyk toýuny toýlaýar.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilýän bu günki gün hem, däp boluşy ýaly Garaşsyzlyk baýramçylygyny belläp geçýär. Garaşsyz diýarymyzdaky tanymal nakgaş, heýkeltaraş ussatlarynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň waspyny ýetirýän ajaýyp eserlerini synlap bilersiňiz.
Gündogaryň beýik akyldary, söz äleminiň ägirdi, türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň eserleri türkmen halkynyň durmuşynda tutuş bir döwri şekillendirdi. Akyldaryň baý döredijiliginde halkyň ruhy durmuşy, onuň çeperçilik gymmatlyklary bütin çuňlugy bilen beýan edilýär.
Pähim-paýhas ummany Magtmguly Pyragy ýylynda ýurdumyzyň ussat heýkeltaraşlary we nakgaşlary özleriniň ýerne ýetiren ajaýyp eserlerinde, Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerinden döredijilik ýoly bilen bagly döredilen ajaýyp sungat gözellikleri dogrusynda, Türkmenistanyň Medeniýet Ministirliginiň gurnamagynda Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Garaşsyz baky Bitarap diýarymyzda «Pähim - paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň her bir güni uly ösüşlere taryhy wakalara beslenýär. Her bir ýurduň medeniýeti, taryhy bilen sazlaşykda ösýän şekillendiriş sungaty älem gözellikleriniň genji hasaplanýar.