Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda Milli şekillendiriş sungatynda hem uly üstünlikler gazanylýar. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde baýramçylyk, şahsy döredijilik sergileri yzygiderli geçirilýär. 2023-nji ýylyň dekabr aýynyň 13-ne, zehinli ussat suratkeş Nurberdi Annagurbanowyň döredijilik sergisi geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda halkymyzyň röwşen geljegine gönükdirlen döwletli işler durmuşa geçirilýär. Türkmen döwlet medeniýet institutynda Baky Bitaraplygymyzyň şanly XXVIII ýyllygy mynasybetli tele ýazgy söhbetdeşligi geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwletli işleri netijesinde Watanymyz bedew bady bilen barha öňe barýar. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde „Türkmenistanyň Halkara Bitaraplygynyň XXVIII ýyllygy mynasybetli „Gülleýär, gül açýar, Bitarap Diýar“ atly serginiň çäklerinde söhbetdeşlik geçirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwletli işleri netijesinde Watanymyz uly ösüşlere beslenýär. Bitaraplyk diýen beýik düşünje häzirki we geljekki nesilleriň baky bagtyýarlygynyň kepilidigini aňladýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni uly ösüşlere beslenýär. Ata watanymyzda diňe bir ykdysady ulgamda däl, eýsem ylymda-bilimde, medeniýetde we sungatda hem uly üstünlikler gazanylýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli ýolbaşçylygynda gazanylýan ajaýyp üstünlikler ýetilýän belent sepgitleri görmäne göz taryplamana şirin zyban gerek. Döwletimiziň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegine, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna, işlemegine, döretmegine, milli gymmatlyklaryny öwrenmegine we olaryň taryhy ähmiýetini dünýä ýaýmaga giň ýollar açylýar.
Keremli türkmen topragymyzda külli adamzat nesliniň ösüşine itergi beren beýik alymlar, şahyrlar, ýaşap geçipdirler. Şol akyldarlaryň döreden taglymatlary, ruhy ahlak ýörelgeleri, adamzat pelsepesiniň we çeper aň medeniýetiniň ösmegine uly täsir etmek bilen nesillere miras galdyran ruhy hazynasy durmuşyň ähli pursatlarynda ýol görkeziji bolup gelýär.
Her bir ýurduň medeniýeti, taryhy bilen sazlaşykda ösýän şekillendiriş sungaty älem gözellikleriniň genji hasaplanýar. Sungatyň ugurlarynyň köpdürli bolşy ýaly, olarda ýörelgedir, däp-dessurlar hem köptaraplaýyn bolýar. Sungatyň islendik görnüşine köňül beren adamyň öz edýän işine döredijilikli çemeleşmegini tebigylyk saýýarlar.