Dünýä halklaryny haýrana goýmak bilen gazanylan ýokary netijeler türkmen alabaýlaryny sungat derejesine ýetirilendigini görkezýär. 2017-nji ýylda ýurdumyzyň paýtagtynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany hökmünde “ Wepaly” atly türkmen alabaýynyň seçilip alynmagy, dürli ýyllarda Goňurdepede we Altyndepede geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde gulak- guýrugy kesilen alabaýlaryň heýkelleriniň tapylmagy munuň hakykatdan hem şeýledigini görkezýär.
Türkmen halkynyň meşhur ogullarynyň biri saz sungatynyň ussady, kompozitor Nury Hälmämmedowdyr. Kompozitoryň halkymyza, ata watanymyza, öz senedine bolan beýik söýgüsi oňa beýik saz eserlerini döretdirdi. Halypanyň sazlary adamlara ýagşylygy ündeýär. Döreden ajaýyp eserleri dünýäni aýlanyp ynsanlaryň kalbyna ruhy lezzet berýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň baý milli mirasyny öwrenmekde, medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýmakda döwletli işler durmuşa geçirilýär. Milli saz sungatymyzda öçmejek yz goýan kompozitor Nury Halmämmedowyň baý döredijilig aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, bütin dünýä bileleşiginiň gymmatlygydyr. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar.
Adamzat jemgyýeti özüniň taryhynda beýlekilerden düýpli tapawutlanýan gymmatlyklary döredip, bütindünýä ruhy hem maddy medeniýetiniň hazynasyny kemala getiripdir. Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soň milletiň gadymy taryhy, medeni mirasy täzeden öwrenilip başlandy.
Öz ýaşan döwrüni şygyrlarynyň üsti bilen beýan eden Magtymguly Pyragy ölmez-ýitmez eserleri döreden öňdengörüji dana. Magtymgulynyň şygyrlary ýyllar geçdigiçe ýüreklere has ýakynlaşýar.
Türkmenistanyň Şekillendiriş-sungaty muzeýinde oktýabr aýynyň 11-ne sagat 11:00-da Türkmenistanyň halk suratkeşi nakgaş Yzzat Gylyjowyň 100 ýyllygy mynasybetli ömri we döredijiligine bagyşlanan ýatlama sergisiniň açylyşy,
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda „Saglyk“ Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar.
Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen öz geçmişimizi ýatlamagymyza we taryhymyzy medeni mirasymyzy öwrenmegimize giň mümkinçilikleriň döredilmegi biziň her birimizi buýsandyrýar. Her ýyl aýratyn ähmiýetli seneleri bellemek däbi asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar.