Taryhy köklerimize nazar aýlanymyzda halkymyzyň ruhy dünýäsiniň egsilmez hazyna baýdygyna düşünýäris. Keremli topragymyzada ýaşan ata-babalarymyz geljek nesillerimiz üçin hiç wagyt ýitmejek gymmatlyklary miras galdyrypdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň , Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlyklarynda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy hasaplanýan ynsan saglygy barada alada ýurdumyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmak bilen „Saglyk“ döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda Bütindünýä saglyk güni uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Ynha bu gün hem biziň sungat ojagymyz bolan Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde aprel aýynyň 7-sine bellenilýän bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Saglygym baýlygym” atly sergi gurnaldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynşy döwründe “Pähim-Paýhas ummany Magtymguly Pragy ýylymyzyň her güni ýürekleri buýsanç duýgusyndan doldurýan şatlykly wakalara beýik ýeňişlere, uly üstünliklere beslenýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň gadymy däp-dessurlaryny, ynançlaryny öwrenmekde, taryhy we durmuş tejribesi esasynda döredilen milli gymmatlyklarymyzy geljek nesillere miras goýmakda tutanýerli işler durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ykdysadyýetiň ähli ugurlary bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Berkarar döwletiň täze eýamynyň galkynşy döwründe, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy hünär öwrenmegi hakyky watançy ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin giň gerimli işler durmuşa geçirilip gazanylýan üstünlikler taryhyň gatlaryna ebedi altyn harplar bilen ýazylýar.
Her ýyl däp bolşy ýaly Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýi we muzeýiň ilkinji zenanlar guramasynyň gurnamagynda Milli bahar baýramy hem-de Halkara Nowruz güni mynasybetli «Al-elwan gülli bahar geldi ilime» atly sergi gurnaldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýleki ulgamlar bilen birlikde ykdysady we medeni ulgamlarda hem uly üstünlikler gazanylýar. Halkyň medeni derejesine bolsa, halkyň ruhy kämilligi arkaly göz ýetirmek mümkin.