Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni mynasybetli Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasyndaky medeniýetde we sungatda öçmejek yz goýan ussat, halypalaryň portret eserlerinden düzülen göçme sergi gurnaldy.
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bellenilmegi hem halkymyzyň ruhuny arşa göterýär. Häzirki döwürde sungat ussatlary bu baýramçylygy Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna düzülen aýdymdyr-sazlary şeýle-de öz täze eserleri bilen garşylaýarlar.