Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «El hünäri il gezer» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatda muzeýiň direktorynyň ylmy işleri boýunça orunbasary Käkilik Öwezberdiýewa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Medeni gymmatlyklary rejeleýiş we muzeý işi» kafedrasynyň müdiri Maral Hojagulyýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň hyzmat ediji bölüminiň kitaphanaçysy Gülbahar Ataýewa, Türkmen döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Amaly-haşam sungaty» bölüminiň, haly mugallymy Jeren Çaryýewa çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Medeni syýasat» atly tegelek stol ýazgysy geçirildi. Gepleşikde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hünärmenleri Söýün Sähetgylyjow, Aýgül Bekmiýewa çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Halypa-şägirtlik ýoly” atly döredijilik duşuşygy geçirildi we halypa suratkeşleriniň eserlerinden sergi gurnaldy.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky ýöriteleşdirilen bank mekdebinde muzeý gymmatlyklaryndan düzülen göçme sergisini gurnady.
Türkmen halkynyň, şeýle hem Gündogar halklarynyň durmuşyna örän berk ornaşan Nowruz baýramy parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerini giňden dabaralandyrýan baýramdyr.
ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Halkara Nowruz güni dünýä halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň özboluşly hem-de köpugurly belent ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, taryhy-medeni däplerini beýan edip, halkara medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin uly mümkinçilikleri açýar.
Türkmen halky gadymdan bäri Nowruz baýramyny şatlyk-şowhun bilen belleýär. Nowruz baýramy bahar paslynyň gelmegi bilen janlanýan tebigat bilen birlikde adamlaryň hem ylhamy joşýar, täze pikirler döreýär, döredijilik işgärleriniň hem täze eserleriň döremegine getirýär.
2023-nji ýylyň 15-nji martynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan “Sagdyn jemgyýet Berkarar döwletiň aýdyň nyşany” ady bilen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” Sagdyn jemgyýetde bolup geçýän möhüm wakalar ýurdumyzyň ösüşlerini beýan edýän dabaraly çäre geçirildi.