Gadymy türkmen topragynyň deňi-taýy bolmadyk haýran galdyryjy meşhur halyçylyk, zergärçilik, kulalçylyk sungatynyň, senetçiligiň, ussaçylygyň mekanydyr. Sungat derejesine ýeten türkmen milli senetçiligini has-da dünýä ýaýmak maksady bilen Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde 2024-nji ýylyň awgust aýynyň 7-ne Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň maddy däl medeni miras müdirliginiň ýolbaşçylygynda “türkmen milli senetçiligini ösdürmegiňmeseleleri we dünýä tejribesi” atly sergi gurnaldy.
Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallary netijesinde ösüp-özgerýän Berkarar döwletimiziň häzirki bagtyýar durmuşyny arzuw eden şahyr Magtymguly Pyragynyň keşbiniň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan gadymy türkmen medeniýetiniň, sungatynyň özboluşlylygyny açyp görkezmek, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilýän duşuşyklar, sergiler, konferensiýalar, maslahatlar halka ýetirilýär.
Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkymyzyň ruhy isleglerine we barha ösýän medeni gyzyklanmalaryna, milli medeniýetimize we sungatymyzyň aýratynlyklaryny halka ýaýmaga zerur şertleri döredýär. Türkmen halkymyzyň taryhynda, medeniýetinde we sungatynda ajaýyp orun alan gadymdan galan ussat halypa suratkeşleriň ýerine ýetiren ajaýyp nakgaş eserleri uly gözellige mynasypdyr.
Asly nurdan dörän bu mukaddes türkmen topragy türkmeniň beýik ogly dana Magtymguly atamyzyň arzuwlan berkarar döwletiniň binýadyny berkden tutdy. Bu gün türkmen halky asudalygyň goýnunda bagtyýar ýaşaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň ykbaly galkynýar, ýurdumyz gülleýär.
Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni mynasybetli Medeniýet hepdeliginiň geçirilýän günlerinde muzeýde «Muzeý gymmatlyklaryny hasaba almak we gorap saklamak boýunça dünýä tejribesiniň mümkinçilikleri» atly iş maslahaty geçirildi.
“Pähim-Paýhas ummany Magtymguly Pragy” ýylnyň ajaýyp üstünlikleri halkymyzyň ruhyny galkyndyryp taryhyň gatlaryna altyn setirler bilen ýazylýar. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde 2024-nji ýylyň iýun aýynyň 20-sine “Abstrakt” çeperçilik akymynda ýerine ýetirilen eserlerden düzülen “Sözsüz sungatyň öwüşginleri” atly sergi guraldy.