Berkarar döwletiň beýik ösüşleriniň bady bilen öňe barýan türkmen halky “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy“ ýylynda, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly şekillendiriş sungaty muzeýinde dürli baýramçylyk çäreleri bilen bir hatarda sungat işgärleriniň şahsy sergileri, medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Ynha bu gün hem biziň sungat ojagymyz bolan Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde ussat türkmen teatr suratkeşi Bäşgeldi Garajaýewiň 75 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp geçirilýän döredijilik sergisi gurnaldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň döwletli ýolbaşçylygynda dünýä döwletleri bilen halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde, medeni gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegi, özüniň oňyn netijesini berýär.
Taryhy köklerimize nazar aýlanymyzda halkymyzyň ruhy dünýäsiniň egsilmez hazyna baýdygyna düşünýäris. Keremli topragymyzada ýaşan ata-babalarymyz geljek nesillerimiz üçin hiç wagyt ýitmejek gymmatlyklary miras galdyrypdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň , Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlyklarynda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy hasaplanýan ynsan saglygy barada alada ýurdumyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmak bilen „Saglyk“ döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda Bütindünýä saglyk güni uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Ynha bu gün hem biziň sungat ojagymyz bolan Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde aprel aýynyň 7-sine bellenilýän bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Saglygym baýlygym” atly sergi gurnaldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynşy döwründe “Pähim-Paýhas ummany Magtymguly Pragy ýylymyzyň her güni ýürekleri buýsanç duýgusyndan doldurýan şatlykly wakalara beýik ýeňişlere, uly üstünliklere beslenýär.