Garaşsyz baky Bitarap diýarymyzda «Pähim - paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň her bir güni uly ösüşlere taryhy wakalara beslenýär. Änew şäheri 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» derejesine eýe boldy. Bu taslama her ýylda türki dili ýurtlaryň dürli şäherlerinde geçirilmek bilen halklaryň medeniýetiniň mümkinçiliklerini açyp görkezmekden ybaratdyr.
TÜRKSOÝ tarapyndan üstümizdäki ýylyň Änew şäheriniň «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip, yglan edilmegi halkymyzyň buýsançly taryhynyň şan-şöhratyndan habar berýär. Ýakynda, 31-nji ýanwarda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň «Türkmenistanyň gadymy sungaty» bölüminde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 4-nji ýyl talyby, «Miras» teleýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjy we taýýarlaýjysy Gynna Atdaýewanyň alyp barmagynda «Änew şäheri – Türki dünýäniň medeni paýtagty» atly tegelek stol söhbetdeşligi geçirildi.