Milli taryhy-medeni mirasymyzy aýawly saklamak hem-de dünýä ýaýmak hormatly Prezidentimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şolaryň hatarynda alabaý tohum itlerini ösdürip ýetişdirmek işi hem bar. Milli Liderimiz «Türkmen alabaýy» atly kitabynda: «Alabaý ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygydyr, ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyzdyr» diýip, belläp geçýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe watanymyzyň her bir güni ajaýyp wakalara beslenip, taryhymyzyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen bilelikde gurnamagynda dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklarynyň ojagy bolan Türkmenistan watanymyzda giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Türkmen alabaýy-halkymyzyň mizemez medeni mirasy» atly maslahat geçirildi.