Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) çäklerinde 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy» we Änew şäheriniň (Türki dünýäsiniň medeni paýtagty) diýlip yglan edilmegi mynasybetli türki dünýäsiniň düzme ýazmak ussatlygy boýunça we ýaş suratkeşleriň halkara bäsleşikleriniň ýeňijileri Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine gezelenç etdiler.
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikde gurnamagynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik gurnaldy.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalynyň açylyş dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi hem özüniň göçme sergisini gurnady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmäge, ony dünýä ýaýmaga ähli mümkinçilikler döredilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde milli medeniýetimiz we sungatymyz düýpli esasda öwrenilýär.
«Ýazky hereket-güýzki bereket» diýen pähimi döreden babadaýhan pederlerimiziň nesilleri bu gün ajaýyp toýa topraga eden yhlasyna, döken maňlaý derine laýyk hasyly bilen toý sowgatly gelýärler. Bu toý bolçulygyň we berekediň toýy