Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky

ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATY MUZEÝI

Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynda Watançylyk temanyň öňe sürülmegi munda geçmiş taryha aýratyn orun berildi. Türkmen taryhyny giňden öwrenmek we ony halka ýetirmek indi diňe bir taryhçylaryň borjy bolman, heýkeltaraşlaryňam, nakgaşlaryňam, umuman her bir döredijilik adamyň mukaddes borjuna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly Baştutanlygynda medeniýet we sungat ulgamynda gazanylýan üstünlikler barha ýokarlanyp, uly rowaçlyklara eýe bolunýar. ”Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy“ ýylynda Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde miras teleýaýlymy tarapyndan hem-de Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýiniň ylymy-işler boýunça orunbasary Şirin Akmämmedowanyň gurnamagynda “Arkadagyň ylhamy kalbyň melhemi” atly söhbetdeşligi geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli ýolbaşçylygynda eziz diýarymyzyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde „Altyn asyr“ Türkmenistan teleýaýlymynyň alyp baryjysy Nowruz Güjowyň alyp barmagynda “Bagtyýarlyk döwrümiziň çeper keşbi” atly döredijilik söhbetdeşligi geçirildi.
Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan gadymy türkmen medeniýetiniň, sungatynyň özboluşlylygyny açyp görkezmek we nesillere ýetirmek ugrunda uly işleri alyp barýan sungat ojaklarynyň biri bolan Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, «Pähim-Paýhas ummany, Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli «Magtymguly Pyragynyň keşbi şekillendiriş sungatynda» atly sergi geçirildi. Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň buýsanjy bolmak bilen, eýsem dünýä edebiýatynyň taryhynda-da uly yz galdyran akyldarlaryň biri. Magtymguly Pyragy tutuş adamzadyň, söz mülküniň, şygyrýetiň şasy.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömrüne, döredijiligine bagyşlap powestleri, poýemalary, şygyrlar toplumyny ýazmak boýunça ozal yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemlerini jemlemek we ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2024-nji ýylyň Türkmenistanda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" diýlip atlandyrylmagy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Köşgüň giň eýwanynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlap Türkmenistanyň Şekillendiriş muzeýi hem öz gaznasyndaky gymmatlyklardan ajaýyp sergisini gurnady.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýetde, sungatda uly üstünlikler gazanylyp täze-täze sepgitlere ýetildi. Türkmenistanyň dostlukly daşary ýurtlarda we daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalary bilen bilelikde döredijilik duşuşyklar, medeni çäreler we maslahatlar guralýar.

TÄZELIKLER