50-nji ýyllarda zehinli nakgaşlar A.Hajyýew, A.Kuliýew, N.Dowodow, Ý.Annanurow, Ý.Adamowa, A.Amangeldiýew we beýlekiler işjeň döredijilik bilen meşgul bolan suratkeşlerdir.
Muzeýiň Garaşsyzlyk bölüminde Garaşsyzlyk zamanasynda türkmen suratkeşleriniň döreden eserleri hem-de biziň halypa suratkeşlerimiziň döreden eserlerinden Garaşsyzlygymyzy arzuw eden nusgawy şahyrlarymyzyň keşpleri bilen jemlenýär.
Muzeýiň “Gadymy sungat” zalynda Marguşdan, Köne we Täze Nusaýdan, Ýylgynly depeden, hem-de Meleheýran ýadygärliginden tapylan tapyndylar ýurdumyzda şekillendiriş sungatynyň iň bir ajaýyp nusgalarynyň hatarynda durýar.