Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen öz geçmişimizi ýatlamagymyza we taryhymyzy medeni mirasymyzy öwrenmegimize giň mümkinçilikleriň döredilmegi biziň her birimizi buýsandyrýar. Her ýyl aýratyn ähmiýetli seneleri bellemek däbi asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar.
Sentýabr aýynyň 30-na Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Guramasy (USAID) hem-de Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilýeti, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli Toparynyň goldaw bermeginde «Lebap Handmade Exports» (Lebap HME) maksatnamasynyň jemleýji çäresi geçirildi.