Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky

ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATY MUZEÝI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli ýolbaşçylygynda döredijilik bilen meşgullanmaga giň ýollar açyldy. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýurt baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda «Altyn asyr: Türkmenistan »teleradioýaýlymy bilen taýýarlanylýan «Bagtyýarlyk ylhamy» atly döredijilik duşuşygy geçirildi.
Beýik akyldar Magtymgulynyň döredijiliginde durmuşy goşgular bilen bir hatarda gelin-gyzlara bagyşlap döreden ajaýyp şygyrlary aýratyn orun eýeleýär. Şahyr gelin-gyzlaryň edepli, päkize, mylaýym bolmagyny isläpdir. Magtymguly« Janyna degmez», «Durasyň geler» ýaly goşgularynda zenanlaryň asylly, mert, ar-namysly bolmaklaryny nesihat edipdir.
Magtymguly Pyragy adamzada söz mülküniň bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak pähimleri, nesihatlary, öwüt-ündewleri ýadygär goýdy. Magtymguly atamyz umumy adamzat şahyry bolmak bilen bir hatarda şahryň şygyrlary dünýä halklarynda uly meşhurlyga eýe boldy. Munuň özi şahyryň halkara derejesinde abraý-mertebesiniň has-da dabaralanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Garaşsyz baky Bitarap diýarymyzda «Pähim - paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň her bir güni uly ösüşlere taryhy wakalara beslenýär. Änew şäheri 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» derejesine eýe boldy. Bu taslama her ýylda türki dili ýurtlaryň dürli şäherlerinde geçirilmek bilen halklaryň medeniýetiniň mümkinçiliklerini açyp görkezmekden ybaratdyr.
TÜRKSOÝ tarapyndan üstümizdäki ýylyň Änew şäheriniň «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip, yglan edilmegi halkymyzyň buýsançly taryhynyň şan-şöhratyndan habar berýär. Ýakynda, 31-nji ýanwarda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň «Türkmenistanyň gadymy sungaty» bölüminde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 4-nji ýyl talyby, «Miras» teleýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjy we taýýarlaýjysy Gynna Atdaýewanyň alyp barmagynda «Änew şäheri – Türki dünýäniň medeni paýtagty» atly tegelek stol söhbetdeşligi geçirildi.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Altyn asyr Türkmenistan teleýaýlymynyň alyp baryjysy Merjen Hojamyradowanyň alyp barmagynda “Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy medeni çyragy” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynda Watançylyk temanyň öňe sürülmegi munda geçmiş taryha aýratyn orun berildi. Türkmen taryhyny giňden öwrenmek we ony halka ýetirmek indi diňe bir taryhçylaryň borjy bolman, heýkeltaraşlaryňam, nakgaşlaryňam, umuman her bir döredijilik adamyň mukaddes borjuna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly Baştutanlygynda medeniýet we sungat ulgamynda gazanylýan üstünlikler barha ýokarlanyp, uly rowaçlyklara eýe bolunýar. ”Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy“ ýylynda Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde miras teleýaýlymy tarapyndan hem-de Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýiniň ylymy-işler boýunça orunbasary Şirin Akmämmedowanyň gurnamagynda “Arkadagyň ylhamy kalbyň melhemi” atly söhbetdeşligi geçirildi.

TÄZELIKLER