Ahalteke bedewleriniň öwşün atýan reňki, syrdamlylygy, seýkin basyp ýöreýşi, ýyndamlygy hem-de çydamlylygy atşynaslaryň we halk seçgiçileriniň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelen sungatynyň miwesidir.
Behişdi bedewlerimiz nakgaşçylykda, heýkeltaraşlykda, zergärçilikde we amaly-haşam sungatynda ussatlar ylham çeşmesi bolup durýar. Ahaltake bedewlerini wasp edýän ajaýyp döredijilik sergi Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Dünýä haýran şöhratyňa bedewim!» ady bilen sergilenýär.