«Ýazky hereket-güýzki bereket» diýen pähimi döreden babadaýhan pederlerimiziň nesilleri bu gün ajaýyp toýa topraga eden yhlasyna, döken maňlaý derine laýyk hasyly bilen toý sowgatly gelýärler. Bu toý bolçulygyň we berekediň toýy
Milli taryhy-medeni mirasymyzy aýawly saklamak hem-de dünýä ýaýmak hormatly Prezidentimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şolaryň hatarynda alabaý tohum itlerini ösdürip ýetişdirmek işi hem bar. Milli Liderimiz «Türkmen alabaýy» atly kitabynda: «Alabaý ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygydyr, ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyzdyr» diýip, belläp geçýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe watanymyzyň her bir güni ajaýyp wakalara beslenip, taryhymyzyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen bilelikde gurnamagynda dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklarynyň ojagy bolan Türkmenistan watanymyzda giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Türkmen alabaýy-halkymyzyň mizemez medeni mirasy» atly maslahat geçirildi.
Asly nurdan dörän mukaddes türkmen topragy Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Peder ýoluny mynasyp dowam edýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyz dost-doganlygyň, parahatçylygyň ýurduna öwrüldi. Ýurdumyz halkara guramalar bilen ysnyşykly gatnaşygy saklaýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistanyň halk Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan uly ähmiýetli syýasatlary netijesinde günsaýyn ösýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli, parasatly ýolbaşçylygynda ata Watanymyz parahatçylygyň, dost-doganlygyň mekanyna öwrüldi. Eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygy döwletimiziň alyp barýan ynsanperwer daşary syýasatynyň dabaralanýandygyny görkezýär.
Her bir halkyň baý taryhyny şol halkyň zehinli adamlary ýazýar. Halkymyzyň şöhratly taryhyny baý medeni-mirasyny maddy hem-de ruhy gymmatlyklarymyzy aýawly saklamaga ony geljek nesillerimize ýetirmekde uly işler amal edilýär.