“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly dürli ugurlarda ýeňişli menzilleri nazarlap, Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has belende galdyryp, şan-şöhratyny dünýä ýaýýan ýyllaryň biri hökmünde taryha altyn harplar bilen ýazylýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan özgertmeleri wasp etmek, milli medeniýetimizi we sungatymyzy halk köpçüligine ýaýmak, çeperçilik sungatynyň dürli ugurlary boýunça çeper döredijilige bolan höwesini artdyrmak maksady bilen geçirilen Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň gurnamagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli yglan edilen «Iň gowy monografiýa, ylmy makala, eser» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi.