Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi bilelikde medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet gününe bagyşlap «Diýarymyz toý tutýar, dünýäni haýran edýär» atly medeniýet işgärleri bilen duşuşyk geçirildi.
Her ýylyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara güni uly dabara, baýramçylyk, konsertler, bäsleşikler hem gurnalyp çagalaryň wagtyny şatlyk-şowhun bilen bellemekleri üçin taýýarlyklar görülýär. Türmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli «Diýara ýaň salýar çaga gülküsi» atly sergi gurnaldy.