Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky

ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATY MUZEÝI

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky ýöriteleşdirilen bank mekdebinde muzeý gymmatlyklaryndan düzülen göçme sergisini gurnady.
Türkmen halkynyň, şeýle hem Gündogar halklarynyň durmuşyna örän berk ornaşan Nowruz baýramy parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerini giňden dabaralandyrýan baýramdyr.
ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Halkara Nowruz güni dünýä halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň özboluşly hem-de köpugurly belent ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, taryhy-medeni däplerini beýan edip, halkara medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin uly mümkinçilikleri açýar.
Türkmen halky gadymdan bäri Nowruz baýramyny şatlyk-şowhun bilen belleýär. Nowruz baýramy bahar paslynyň gelmegi bilen janlanýan tebigat bilen birlikde adamlaryň hem ylhamy joşýar, täze pikirler döreýär, döredijilik işgärleriniň hem täze eserleriň döremegine getirýär.
2023-nji ýylyň 15-nji martynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan “Sagdyn jemgyýet Berkarar döwletiň aýdyň nyşany” ady bilen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” Sagdyn jemgyýetde bolup geçýän möhüm wakalar ýurdumyzyň ösüşlerini beýan edýän dabaraly çäre geçirildi.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen bilelikde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyp ýaşlary online duşuşyk geçirildi. Wirtual syýahat barada muzeýiniň direktorynyň orunbasary Käkilik Öwezberdiýewa çykyş etdi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Bilim ministrliginiň hem-de Medeniýet ministrliginiň bilelikde guramagynda «Gahryman Arkadagymyzyň «Ýaşlara gutlag» eseri – durmuşyň bagt mukamy» atly dabaraly maslahat geçirildi.
“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ýokary okuw, orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp gyzlaryň arasynda geçirilýän “Talyp gözeli” bäsleşigi Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebinde geçirildi.
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary merkezinde Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen sekiz we ondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere “Ene mähri” diýen hormatly adyň dakylmagy mynasybetli dabara geçirildi.
Halkara zenanlar güni mynasybetli, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde baýramçylyga bagyşlanyp Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi muzeý gymmatlyklaryndan düzülen göçme sergi gurnady.

TÄZELIKLER