Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky

ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATY MUZEÝI

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygarynyň astynda dowam edýän 2024-nji ýylymyzda Italiýa Respublikasynyň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň açylanyna 10 ýyl dolýar. Köp ýyllyk diplomatik gatnaşyklar iki ýurduň sebitlerinde netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly itergi döretdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli baştutanlygynda Milli medeniýetimiz we sungatymyzyň şöhraty dünýä ýaň salýar. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Ylhamyň tükeniksiz çeşmesi» ady bilen ussat suratkeş Mämmet Ýarmämmedowyň döredijilik sergisi gurnaldy. Suratkeşiň döredýän eserlerinde halkymyzyň milli gymmatlygy we türkmeniň baý däpleri wasp edilýär.
Dünýä edebiýatynyň taryhynda adamzadyň ruhy hazynasyna özüniň dürdäne many mazmuna ýugurlan şygyrlaryny miras goýan umumyadamzat şahyry Magtymguly Atamyzyň baý döredijiliginiň şöhraty dünýä dolýar. 2024-nji ýylymyzyň hem „Pähim-Paýhas ummany Magtymguly Pyragy“ ýyly diýip atlandyrylmagynyň aňyrsynda hem umman ýaly giň many ýatyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda halkymyzyň hukugynyň, azatlygynyň, abadançylygynyň, rowaçlygynyň, durnuklylygyň we ylalaşygyň ygtybarly kepili bolup durýan Türkmenistanyň Konstitusiýasy we eziz Watanymyzyň erkanalygynyň we nurana geljeginiň nyşany bolup al-asmanda pasyrdaýan Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň baýramçylygy her ýyl täze ösüşler bilen dabaraly bellenilip geçilýär.

TÄZELIKLER