Sentýabr aýynyň 30-na Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Guramasy (USAID) hem-de Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilýeti, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli Toparynyň goldaw bermeginde «Lebap Handmade Exports» (Lebap HME) maksatnamasynyň jemleýji çäresi geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde gazanylýan üstünlikleri görmäne göz tarypyna şirin zyban gerek. Ýaşlara görelde mekdebi, Ýaşuly adamlara hormat goýmak biziň ata-baba gelýän milli däbimizdir.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi muzeý gymmatlyklaryndan düzülen baýramçylyk sergisini gurnady.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan sungat ussatlarynyň döwlet konserdi geçirildi. Baýramçylyk konserdiň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi muzeýiň gaznahanasyndaky gymmatlyklardan düzülen göçme sergini gurnady.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döwletli işler durmuşa geçirilýär. Merdana milletimiziň müňýyllyklara uzaýan şöhratly taryhyna nazar salanymyzda, dostluk, agzybirlik ýörelgeleri halkyň kalbyna ýüregine ornan. 26-njy Sentýabrda Aşgabat şäher häkimligi Jemagat hojalygy müdirliginiň “Aşgabat ýylylyk” trestinde göçme sergisi gurnaldy.
Garaşsyzlyk biziň iň gymmatly baýlygymyzdyr. 1991-nji ýylyň tylla güýzünde ýurdumyz öz Garaşsyzlygyna eýe boldy. Bary ýogy 32 ýylyň içinde Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz tanalmaz derejede ösdi we özgerdi. Asmanymyzyň asudalygy, gündüzleriň we gijeleriň parahat geçýändigi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bize beren peşgeşi bolup, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň “Döwlet – adam üçindir!” diýen şygarynyň doly derejede durmuşa ornaşdyrylýandygynyň subutnamasydyr.
Eziz Diýarymyzyň syýasy gurluşynyň, medeni-jemgyýetçilik aýratynlyklarynyň, ylmy-intellektual baýlyklarynyň, ykdysady institutlarynyň ähli amatlyklaryny özünde jemleýän, Garaşsyz döwletimiz görlüp-eşidilmedik derejede ösýär.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde göçme sergi gurnady. Sergide Aýhan Hajyýewiň «Parahat zeminde bagtlylyk», S.Meredowiň «Kalbymyň beýany», Rahym Annanurowyň «Maşgala», Nurlyýew G. 1963ý., «Änew metjidiniň toplumy, A.Ataýewiň «Gopuzçy gyz», S.Muhammedowanyň «Tawus», A.Taganowyň «Şarlawuk» ýaly eserleri sergide mynasyp orun aldy.