Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilýän bu günki gün hem, däp boluşy ýaly Garaşsyzlyk baýramçylygyny belläp geçýär. Garaşsyz diýarymyzdaky tanymal nakgaş, heýkeltaraş ussatlarynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň waspyny ýetirýän ajaýyp eserlerini synlap bilersiňiz.
Gündogaryň beýik akyldary, söz äleminiň ägirdi, türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň eserleri türkmen halkynyň durmuşynda tutuş bir döwri şekillendirdi. Akyldaryň baý döredijiliginde halkyň ruhy durmuşy, onuň çeperçilik gymmatlyklary bütin çuňlugy bilen beýan edilýär.
Pähim-paýhas ummany Magtmguly Pyragy ýylynda ýurdumyzyň ussat heýkeltaraşlary we nakgaşlary özleriniň ýerne ýetiren ajaýyp eserlerinde, Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerinden döredijilik ýoly bilen bagly döredilen ajaýyp sungat gözellikleri dogrusynda, Türkmenistanyň Medeniýet Ministirliginiň gurnamagynda Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Garaşsyz baky Bitarap diýarymyzda «Pähim - paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň her bir güni uly ösüşlere taryhy wakalara beslenýär. Her bir ýurduň medeniýeti, taryhy bilen sazlaşykda ösýän şekillendiriş sungaty älem gözellikleriniň genji hasaplanýar.
Taryhy gymmatlyklaryň adamzat medeniýetini öwrenmekdäki ähmiýeti örän wajypdyr. Häzirki döwürde Türkmenistan hem bu ugurda uly işler alyp barýar.
Ilkidurmuş jemgyýetiň ösüşi bilen, adamzatda tebigy zerurlyklardan başga estetiki mätäçlik döredi. Gadym wagtlardan bäri, heykeltaraşlyk adamzadyň çeperçilik we dini isleglerini beýan etmegiň bir görnüşi bolup durdy. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň ekspozisiýasynda ýerleşen Ýylgynly-depe ýadygärliginiň Eneolit döwrüniň arheologiki materiallary, biri-biriniň ýerine gelen döwürleriň mysaly bolup durýar. Eneolit döwrüniň heýkel önümleri köplenç arzan bolan toýundan edilýärdi. Gadymy ussatlar köplenç antropomorf we animalistik janrlarda işläpdirler. Birinjisi aýallaryň şekilleri görnüşindedir, ikinjisi bolsa öküziň şekilidir. Öküz oguz türkmenleriniň totem nyşany bolup, olaryň taryhynda aýratyn orny eýeleýärdi.
«Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň biri-birinden zyýada gelýän her bir güni bizi röwşen geljege tarap batly gadamlar bilen alyp barýar.
Garaşsyzlyk ýyllary Türkmen taryhynyň has içgin öwrenilmegi bilen taryhçylar hem-de alymlar tarapyndan açylan ylmy çaklamalardyr, subutnamalar bu gün bu topraklarda emele gelen siwilizasiýalaryň kökleriniň dünýäniň çar künjüne ýaýrandygyny subut etdi.Munuň özi soňky ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen has giňişleýin amala aşyryldy hem-de dünýä halklarynyň medeniýetine öz goşandyny goşan türkmen halkynyň hem gadymy halkdygyny subut edýän subutnamalaryň üstünden baryldy.
Ýurdumyzyň çar künjeginde uly dabara bilen bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününe bagyşlanyp, bu gün Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Bilim bagtyň açary” atly ajaýyp sergi açyldy.