Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky

ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATY MUZEÝI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan sungat ussatlarynyň döwlet konserdi geçirildi. Baýramçylyk konserdiň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi muzeýiň gaznahanasyndaky gymmatlyklardan düzülen göçme sergini gurnady.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döwletli işler durmuşa geçirilýär. Merdana milletimiziň müňýyllyklara uzaýan şöhratly taryhyna nazar salanymyzda, dostluk, agzybirlik ýörelgeleri halkyň kalbyna ýüregine ornan. 26-njy Sentýabrda Aşgabat şäher häkimligi Jemagat hojalygy müdirliginiň “Aşgabat ýylylyk” trestinde göçme sergisi gurnaldy.
Garaşsyzlyk biziň iň gymmatly baýlygymyzdyr. 1991-nji ýylyň tylla güýzünde ýurdumyz öz Garaşsyzlygyna eýe boldy. Bary ýogy 32 ýylyň içinde Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz tanalmaz derejede ösdi we özgerdi. Asmanymyzyň asudalygy, gündüzleriň we gijeleriň parahat geçýändigi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bize beren peşgeşi bolup, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň “Döwlet – adam üçindir!” diýen şygarynyň doly derejede durmuşa ornaşdyrylýandygynyň subutnamasydyr.
Eziz Diýarymyzyň syýasy gurluşynyň, medeni-jemgyýetçilik aýratynlyklarynyň, ylmy-intellektual baýlyklarynyň, ykdysady institutlarynyň ähli amatlyklaryny özünde jemleýän, Garaşsyz döwletimiz görlüp-eşidilmedik derejede ösýär.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde göçme sergi gurnady. Sergide Aýhan Hajyýewiň «Parahat zeminde bagtlylyk», S.Meredowiň «Kalbymyň beýany», Rahym Annanurowyň «Maşgala», Nurlyýew G. 1963ý., «Änew metjidiniň toplumy, A.Ataýewiň «Gopuzçy gyz», S.Muhammedowanyň «Tawus», A.Taganowyň «Şarlawuk» ýaly eserleri sergide mynasyp orun aldy.
Türkmenistanyň Şekillendiriş-sungaty muzeýinde sentýabr aýynyň 21-ne sagat 11:00-da Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32-ýyllyk baýramçylygy mynasybetli "Arkadag Serdarly Watanyň şöhraty Garaşsyzlyk" atly şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, şeýle hem ýurdumyzyň suratkeşleriniň mukaddes Garaşsyzlygymyza bagyşlap döreden eserleriniň sergisi geçirilýär.
Garaşsyzlyk halkymyzyň milli buýsanjydyr. Halkymyzyň Garaşsyz döwlet barada köp asyrlaryň dowamynda eden arzuwynyň hasyl bolanyna şu ýyl 32 ýyl bolýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 32 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Garaşsyz Diýarym — mähriban Watan!” atly sergisi gurnaldy.
Türkmenistanyň Şekillendiriş-sungaty muzeýinde sentýabr aýynyň 13-ne sagat 11:00-da Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32-ýyllyk baýramçylygy mynasybetli "Garaşsyz Diýarym-Mähriban Watan" atly sergimiziň açylyşy.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň ruhyýet köşgünde geçirilen umumy sapagynyň taryhy syýasy ähmiýetini wagz-nesihat etmek maksady bilen geçirilýän «Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe diňe öňe Jan Watanym Türkmenistan» atly maslahaty geçirildi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bagtyýarlygyny äleme aýan edýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylýan ajaýyp üstünlikler ýetilýän belent sepgitler halkymyzyň göwün guşyny ganatlandyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwlet galamyndan dörän ajaýyp eseleri görüm görelde mekdebidir.

TÄZELIKLER