Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky

ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATY MUZEÝI

Türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň şaýady bolan gadymy medeni ýadygärlikleri aýawly saklamak, olary düýpli öwrenmek hem-de abat ýagdaýda nesilleri ýetirmek boýunça Garaşsyz Türkmenistanda döwlet derejesinde yzygiderli işler alnyp barylýar. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda taryhy ýadygärlikleri gorap saklamagyň, ylmy esasda öwrenmegiň we rejelemegiň düýpli hukuk binýady döredildi. Arheologiki ekspedisiýa türkmen hünärmenleri bilen bilelikde daşary ýurtlaryň tanymal ylmy merkezleriniň alymlary-da işjeň gatnaşýarlar.
2024-nji ýylyň noýabr aýynyň 16-na Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasynyň «Türkmeniň ak öýi binasynda» Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy hem-de Türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýaşlar baradaky syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) çäklerinde 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy» we Änew şäheriniň (Türki dünýäsiniň medeni paýtagty) diýlip yglan edilmegi mynasybetli türki dünýäsiniň düzme ýazmak ussatlygy boýunça we ýaş suratkeşleriň halkara bäsleşikleriniň ýeňijileri Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine gezelenç etdiler.
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikde gurnamagynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik gurnaldy.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalynyň açylyş dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi hem özüniň göçme sergisini gurnady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmäge, ony dünýä ýaýmaga ähli mümkinçilikler döredilýär.

TÄZELIKLER