Her bir halkyň baý taryhyny şol halkyň zehinli adamlary ýazýar. Halkymyzyň şöhratly taryhyny baý medeni-mirasyny maddy hem-de ruhy gymmatlyklarymyzy aýawly saklamaga ony geljek nesillerimize ýetirmekde uly işler amal edilýär.
Halkymyzyň baý geçmiş taryhyny onuň milli gymmatlyklaryny hem-de ruhy dünýäsiniň baýlygyny, däp-dessurlarymyzy aýawly saklamakda şeýle hem geljek nesillerimize geçirmekde uly işler durmuşa geçirilýär.
Eziz diýarmyzda ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, olary ylymly-bilimli, edepli-terbiýeli, ruhubelent ýaşlar edip ýetişdirmekde mährem zenanlarmyzyň yhlas bilen çekýän tutanýerli zähmetleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň baý medeni mirasyny öwrenmekde, baýlaşdyrmakda hem-de ýaş nesillere ýetirmekde döwletli işler amala aşyrylýar. Her ýylyň 1-nji oktýabrynda Halkara Ýaşulylar güni dünýäniň dürli ýerlerinde ýokary derejede bellenilýär.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde 2024-nji ýylyň 26-nji sentýabyrynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan “Pähim-paýhas ummany Magtmguly Pyragy ýylynda” muzeý hünärmenleriniň arasynda guralýan “Magtymguly Pyragy we milli miras” atly bäsleşigi geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz uly ösüşlere özgerişlere eýe boldy. Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň mukamlar köşgünde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Ak ýoly arşa göterilýär halkyň ykbaly atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabara biziň Şekillendiriş sungaty muzeýimiz öz göçme sergisini gurnady. Sergide birnäçe halypa we ýaş suratkeşlerimiziň, heýkeltaraşlarmyzyň eserleri dabara gatnaşyjylarmyzy ünsini hasda özüne çekdi.
Bu gün Garaşsyz hemişelik Bitarap ýurdumyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyzlygyň XXXIII ýyllyk şanly baýramçylyk toýuny toýlaýar.